«Ak ýollar – bagta barýar»


«Ak ýollar – bagta barýar»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk etrap Medeniýet köşgi bilelikde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli «Ak ýollar – bagta barýar» ady bilen aýdym sazly medeni çäre geçirdi. Çärede çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylary öz çykyşlarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, hormatly Prezidentimiziň tutumly işlerini, Ak şäherimiz Aşgabady, bagtyýar çagalygy aýdym – sazlaryň üsti bilen wasp etdiler. Dabarada kitaphana işgärleriniň hormatly Prezidentimiziň eserleriniň many–mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti baradaky gürrüňleri has-da täsirli boldy.
Çärede dürli görnüşli el işleri, milli gymmatlyklarymyzy beýan edýän sergi gurnaldy. Gahryman Arkadagymyz geljekki nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, çagalaryň döwrebap bilim almagy, boş wagtlaryny peýdaly geçirmegi, sagdyn we ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmegi üçin uly şertler döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde edilýän aladalara, döredilýän mümkinçiliklere buýsanýan körpeleriň hem mekdep okuwçylaryň bagtyýarlyk mukamlarynda özleri barada uly aladalar edýän hormatly Prezidentimize alkyşlar belentden ýaňlandy.