BITARAPLYK ÝOLY-DÜNÝÄ NUSGA GÖRELDÄMIZ
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda “Bitaraplyk ýoly-dünýä nusga göreldämiz” atly gezelenç geçirildi.
Bu gezelençde talyp ýaşlar Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň içiniň aýratynlyklary, hem-de birnäçe pudaklara degişli kitaplarymyz bilen tanyşdylar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylyk mynasybetli döredilen sergi burçumyz hakynda hem giňişleýin gürrüň berildi. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan toýlanmagy her birimiziň ruhumyzy galkyndyrýar. Bu şanly günlerde baýramçylyk mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda hem birnäçe dabaraly çäreler alnyp barylýar. Hemişelik Bitaraplyk diýmek, rowaçlyk, asudalyk, bagtyýarlyk, ebedi parahatçylyk diýmekdir. Parahatçylyk bolsa, ähli eşretleriň gözbaşy diýmek bilen hemişelik Bitaraplygyň halkymyza beren miwelerini ylym – bilim alýan her bir ýaş nesillerimize ýetirmek kitaphanaçylaryň paýyna düşýär. Çünki kitaphanaçylar ýurdumyzyň wagyz-nesihatçylary bolup durýar. Abadan ýurdumyzyň ösüşlerini, özgerişlerini hem-de birnäçe gymmatly eserleri giň okyjylara ýetirmek, wagyz etmek elbetde kitaphanaçylaryň esasy mukaddes borjudyr.
Gezelenjiň ahyrynda ruhy baýlygymyz bolan gymmatly eserleri okamaga, öwrenmäge, giň okyjylara ýetirmäge döredip beren giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.