TÜRKMENİSTAN–BEHİŞDİ BEDEWLERİŇ MEKANY
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda gözel ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar, gülleýär, ösýär we özgerýär.
Hormatly Arkadagymyzyň “Ganatly bedewler”, “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew” ýaly döreden eserlerinde türkmen bedewlerimizi waspy giňden beýan edilýär. Onun müñyyllyklaryň dowamynda sungat hökmünde kemala gelşi, gylyk-häsiyetleri barada beýan edilip, gymmatly maglumat çeşmesi bolup duryar. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar sapa-da” atly kitabynda halkymyzyň watançylygynyň ynsanperwer ýörelgeleriniň kemala gelmeginde bedewlerimiziň orny has ýokary bolupdyr.
Bedew atlarymyzyň tarypy bizin milli medeniýetimizde, edebiýatymyzda we aýdym-saz sungatymyzda tutyan orny aýratyn bellärliklidir. Bu barada «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» eposlarynda giňden beýan edilyär. Muña mysal edip “Görogly” – da «Saňa at diymerin, gardaş diyerin» diyip bedew atyň özüniň dine bir hyzmatyny edyän jandary däl-de, eýsem ýoldaşy hökmünde görýändigi eserde beýan edilýär. Bu bolsa milli gahrymanymyz bolan Göroglynyň «Gyrat» atly atynyň ýanyndan aýrylman onuň bilen dost-ýar, ýoldaş bolandygyny görkezýär. Mysal hökmünde «Görogly» şadessanyndan başgada duş gelyän birnäçe aýdymlary, türkmen halk sazlary bolan «At çapan», «At çapar», «Göroglynyň at oýnadyşy», «Gyrat» ýaly sazlary, hem-de «Gyrat meni Çandybile sen ýetir», «Bedew atly, demir donly Görogly», «Gyrat sen», ýaly eposda duş gelýän birnäçe ýola salynyp aýdylýan aýdymdyr-sazlary getirip bileris. Türkmen nusgawy we mukamçy kompozitorlarymyzyň «Meleguş», «Gyratym», «Bedewler». «Gyratym girse meýdana, «Sen ak atda, sen gyratda ganatda», «Gyratym» ýaly bedew atlarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary görkezmek bolar. Bu aýdym sazlarda bedew atymyza bolan söygi, owadanlygy, çeýeligi we ýyndamlygy beýan edilyär. Bedew atlarymyz häzirki wagtda dünýa ýüzünde owadanlygy, ýyndamlygy bilen tanalyp älem-jahana ýaň salýar. Bu aýdymdyr-sazlar biziň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň döredijilik topary, şeýle-de bagşy-sazandalarymyzdan düzülen milli, halk we simfoniki orkestr toparlary tarapyndan dabaraly ýerine ýetirilýär.
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen milli bedewiniň baýramçylygy uly dabara bilen bellenip geçilýär. Şol geçjek çäreleriň hatarynda orun alýan Milli bedew baýramçylygy mynasybetli okuwymyzyň bagşy-sazandalary, milli we halk saz gurallar topary, hem-de öz gatnaşmagymyzda simfoniki orkestr topary bilen dabaraly konsertler toplumyny bermegi meýillişdirýäris. Bagşy-sazandalarymyzyň bedew atlarymyza bagyşlan birnäçe “Arkadagym atlananda bedewe” “Gyrat meni Çandybile sen ýetir” atly aýdymlary “At çapan”, “Göroglynyň at oýnadyşy„ “At çapar„ ýaly şirin sazlary diňleýjilere üçin uly gyzyklanma döretjek aýdymdyr-sazlaryň biridir. Simfoniki we halk saz gurallary orkestr toparymyz bilen bolsa, Çary Nurymowyň «Meniň dostum Meleguş» atly kino filminden «Meleguşym» atly sazynyň orkestr üçin täzeden işlemeginde ýerine ýetirmeklikde halk köpçüligine görkezmäge taýyarlyk görýäris.
Ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki topary biziň milli we nusgawy kompozitorlarymyzyň döreden ýokarda bellenip geçilýän aýdymdyr – sazlarynyň astynda şolardan ruhlanyp, birnäçe döwletlerde üstünlikli çykyş edip, ba6rakly orunlara mynasyp bolýarlar.
İne, ýaňy-ýakynda hem Fransiýanyň Monako şäherinde geçirilen halkara sirk festiwalyna ýurdumyzyň bu topary onlarça ýurduň arasynda gatnaşyp, ady agzalan halkara abraýly ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly birinji orna mynasyp bolanlygy bellemek ýerliklidir.
Sözümiň ahyrynda bilen şular ýaly dabaraly konsertlerde çykyş etmekde, gurnamakda, giň mümkinçilikler berýän, biz ýaşlara görelde mekdebi bolup duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, onuň nesil daragtyny berk dowamatyny ýöretýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtmak bilen, olaryň janynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýüregimden arzuw etýärin.