BEHIŞDI BEDEWLER-HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY WE GYMMATLY BAÝLYGY
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
27-nji aprelda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, gözbaşy müňýyllyklaryň jümmüşine uzaýan milli atşynaslygyň baý däplerini dowam etdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, bu ugurda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň, 1 müň 500 tomaşaça niýetlenen Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.
…Ir bilen hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.
Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.
Döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde baýramçylyk mynasybetli ýaýbaňlandyrylan sergini synlady. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň bu ýerde gurnan ak öýleri gadymy türkmen obasyny ýadyňa salýar. Gelin-gyzlar ajaýyp sazlaryň owazy astynda haly dokaýarlar we keçe basýarlar. Ýurdumyzyň muzeý gymmatlyklary, häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri-de görkezilýär. Halylarda, özboluşly heýkeltaraşlyk işlerinde, grawýuralarda, fotosuratlarda behişdi bedewleriň keşbi şekillendirilipdir.
«Türkmenistan» gazeti