AHALTEKAHALTEKE ATLARYNYŇ MEKANYNDAKY DABARAE ATLARYNYŇ MEKANYNDAKY DABARA


AHALTEKE ATLARYNYŇ MEKANYNDAKY DABARA

27-nji aprelda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Arkadag şäheriniň şanly senäniň hormatyna guralýan giň möçberli çäreleriň geçirilýän esasy merkezine öwrülmeginde bolsa çuňňur many bar. Bu künjek şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekany hasaplanýar. Şu gün halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen nurana bedewleriň şanyna guralýan baýramçylygyň çäklerinde Arkadag şäherinde “Akhan” binasyndan “Taýçanak” binasyna çenli aralykda durky täzelenen Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de täze gurlan “Taýçanak” atly binanyň açylyş dabarasy boldy.

Hepdäniň şenbe gününde bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirilip, ol Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna guralýan dabaralaryň ähmiýetini artdyrdy. Nurana şäheriň görküne görk goşan Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de “Taýçanak” atly binanyň açylyş dabaralary bu künjekde guralan baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.

Joşgunly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabarada aýdym-sazlara giň orun berildi. Baýramçylyk lybasyna beslenen “Taýçanak” binasynyň ýanyndaky meýdançada türkmen toýlaryna mahsus görnüşler emele geldi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki tagallalary bilen ýaýbaňlandyrylan edebi-sazly kompozisiýa bu ýerde guralan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çykyşda Taýçanak atly bedewiň tarypy ýetirilip, häzirki döwürde milli atşynaslykda öçmejek yz goýan Aba seýis ýaly ussatlaryň tagallasy esasynda ahalteke bedewleriniň şöhratynyň dünýä dolandygy baradaky maglumatlar çeper beýan edildi.

«Türkmenistan» gazeti