BEHIŞDI BEDEWLERIŇ SUNGATDAKY WASPY
Diýarymyzda her ýylda türkmen bedewiniň milli baýramy uludan toýlanyp, türkmen halkynyň milli-ruhy bitewüligi dünýä dabaralanýar. Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewlerimiziň hormatyna bagyşlanyp guralýan dabaralar hem toplumlaýyn häsiýeti bilen tapawutlanýar.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik bäsleşigine hödürlenen Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, erkin suratkeşleriň döreden sungat eserleri özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Döredijilik bäsleşigine hödürlenen 300-e golaý sungat eserleriniň iň naýbaşylary saýlanyp, eminler topary tarapyndan ýokary baha berildi.


Sungat eserlerinde gözellikde, ýyndamlykda, çydamlylykda, wepadarlykda öçmejek yz goýan aýlawlarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň bezegi, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewlerimiziň ajaýyp keşbi belentden wasp edildi. Bäsleşikde haly eserini döretmek boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk, arhitektura we ykdysadyýetiň beýleki pudaklary bölüminiň 1-nji derejeli hünärmeni Ýusup Gulowyň «Bedew batly Watanym!» atly haly eseri, zergärçilik eseri boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Şazada Orazberdiýewiň «Altyn bezeg» atly at şaý-sep toplumy, surat eseri boýunça «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Jumamyrat Gurbanowyň «Behişdi bedewler» atly nakgaş eseri, heýkel eseri boýunça «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Goçmyrat Hanowyň «Şan-şöhrata beslenen türkmen bedewi» atly heýkel eseri, neşir önümi boýunça «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby Aşyrgeldi Gutlyýewiň «Şa serpaýly bedewli halylar» atly senenama neşir işi, teleoperatorçylyk işi boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkeziniň operatorlar bölüminiň bölüm müdiri, Baýram Garlyýewiň «Owazasy dünýä dolan Galkynyş» atly wideo şekili üçin ýeňiji diýlip yglan edildi. Döredijilik wekillerine hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan degişli şahadatnamalar we sowgatlar gowşuryldy.
Döwrümiziň ösüşlerini, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny wasp edýän döredijilik eserleri şekillendiriş sungatynyň taryhynda aýratyn orun tutjakdygy şübhesizdir. Bu bolsa, geljekki ýaş nesillerimizde milli gymmatlyklarymyza bolan belent söýgüni döretmekde ähmiýeti uludyr.