PARAHATÇYLYGY WASP EDÝÄN ÝAŞLARYŇ JOŞGUNY


PARAHATÇYLYGY WASP EDÝÄN ÝAŞLARYŇ JOŞGUNY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň kämil bilim almagy, hünär öwrenmegi, mynasyp kesp-käre eýe bolmagy, yhlasly zähmet çekmegi, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy ugrunda uly tagallalar edilýär. Olara ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde, ylmy-amaly maslahatlarda, konsertlerde yzygiderli çykyş etmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işleriň esasy maksady bolsa, Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmagynda, isleg bildirýän hünärlerini ele almagynda, döredijilik ukyplarynyň kämilleşmeginde, gözýetiminiň giňelmeginde jemlenendir.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şatlyk-şowhuna beslenýän günlerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy tarapyndan Ýörite sazçylyk we sungat ugurly okuw mekdeplerini tamamlan we 2025-nji ýylda tamamlaýan uçurymlaryň arasynda «Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny» atly bäsleşigiň geçirilmegi hem şunuň ýaly üstünlikli amala aşyrylýan taslamalaryň aýdyň şaýady bolup durýar. Bu bäsleşik Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda 2025-nji ýylyň 24-26-njy aprelinde geçirildi. Bellenen wagtyň dowamynda bäsleşik bilen bir wagtda konserwatoriýanyň “Açyk gapylar” güni hem yglan edildi. Şunuň bilen taslamanyň çäginde dabaraly konsert çykyşlary, döredijilik duşuşyklary, dürli hünärler boýunça ussatlyk sapaklary we okuw-usuly maslahatlary gurnaldy. Bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady bolsa, saýlap alan hünärinde ökde, ukyp-başarnykly hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Aprel aýynyň 24-inde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda “Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny” atly bäsleşigiň hem-de “Açyk gapylar” gününiň açylyş dabarasy geçirildi. Onda konserwatoriýanyň rektory Rasul Amangeldiýew özüniň giriş sözleri bilen çykyş etdi. Ol sözüniň dowamynda bäsleşige gatnaşyjylary taslamanyň çäklerinde geçiriljek çäreleriň meýilnamalary, bäsleşigiň talaplary bilen tanyş etdi. Açylyş dabarasynda Akmyrat Çaryýew hem-de Meret Annamyradow ýaly halypa mugallymlara-da söz berildi. Halypalar öz durmuş tejribesinden täsirli pursatlary gatnaşyjylar bilen paýlaşyp, olara bäsleşikde uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Bäsleşik “Türkmen milli saz gurallary”, “Kirişli saz gurallary”, “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary”, “Hor dirižýorlygy”, “Fortepiano”, “Sazşynaslyk we Kompozisiýa”, “Ýekelikde aýdym aýtmak”, “Bagşy”, “Halk saz gurallary” hünärleri boýunça, iki tapgyryň dowamynda geçirildi. Onuň birinji tapgyry açylyş dabarasynyň yz ýanyndan yglan edildi. Emin agzalarynyň adalatly baha bermegi bilen, birinji tapgyrda has-da tapawutlanyp çykyş eden talyplardyr okuwçylar ikinji tapgyra saýlandy.

Birinji tapgyryň jemi jemlenenden soň, günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň halk artisti Ata Ilamanowyň doglan gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Konsertde ussadyň ýurdumyzyň saz sungatynda bitiren hyzmatlary barada täsirli gürrüňler edildi. Onuň egindeşleri, bilelikde zähmet çeken kärdeşleri özleriniň ýürek tolgundyryjy gyzykly ýatlamalaryny tomaşaçylar bilen paýlaşdylar. Konsert zalynyň sahnasyny halypany hormatlap ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar bezedi. Şunuň bilen ýatlama konserti tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy hem-de gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Aýyň 25-inde konserwatoriýanyň “Açyk gapylar” güni mynasybetli dürli hünärler boýunça halypa mugallymlar tarapyndan ussatlyk sapaklary we okuw-usuly maslahatlary geçirildi. Oňa bäsleşige gatnaşyjylar, ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň uçurymlary, mugallymlary, şeýle-de ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärler gatnaşdylar. “Açyk gapylar” gününiň çäklerinde, gelen myhmanlar konserwatoriýanyň taryhy we onuň ýeten üstünlikleri barada giňişleýin maglumatlar bilen tanyş boldular.

Taslamanyň jemleýji gününde «Parahatçylygy wasp edýän ýaşlaryň joşguny» atly bäsleşigiň ikinji tapgyry geçirildi. Maksada okgunly ýaşlar özleriniň irginsiz zähmeti netijesinde jemleýji tapgyrda üstünlikli çykyş etdiler. Emin agzalarynyň bahalary bilen bäsleşigiň jemi jemlenip, zehinliler öňe saýlandy.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýürek tolgundyryjy pursatlarynyň biri boldy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň astynda ýeňiji bolan talyplara hem-de okuwçylara diplom, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

Pursatdan peýdalanyp, biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsun aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!



Jeýran JORAÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby