MILLI MIRAS–YNSAN KALBYNYŇ NURYDYR
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Milli miras–ynsan kalbynyň nurydyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halklarynyň senetçilikde, amaly-haşam sungatynda gazanan üstünlikleri tutuş adamzadyň öçmejek baýlygy bolup durýandygy, bu bolsa gadymy türkmen topragynyň deňi-taýy bolmadyk haýran galdyryjy meşhur halylaryň, şaýsepleriň, zergärçilik külalçylyk sungatynyň türkmen halkynyň sungat derejesine göterilen senetçiligi, milliligi we özboluşlylygy bilen dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.