BITARAPLYK MEKANY, GÖWÜNLERIŇ MUKAMY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bitaraplyk mekany, göwünleriň mukamy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň, ösüşleriň, özgerişleriň, berkarar Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygy, ata-babalarymyzyň agzybirlik, ynsanperwerlik, parahatlyk baradaky ýol-ýörelgeleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplyk döwletimiziň dost-doganlygyň, agzybirligiň, jebisligiň has-da gülläp ösýän mekanyna öwrülendigi, hem-de ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti, bagtyýar durmuşymyzyň ygtybarly binýady bolup durýandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň geljegini ösüşli menzillere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
