Sebitlerde syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary


Sebitlerde syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary



Ýurdumyzyň tebigi-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däpleri we olaryň özboluşlylygy Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlarydyr. Bu şertler ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesini ýokarlandyrmagy, dünýä syýahatçylyk bazarynda barha derwaýys orny eýelemegini şertlendirýär.
Syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny we onuň köp görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk önümçiliginiň öňe gitmegini gazanmak bu babatda ýaýbaňlandyrlan işleriň esasy ugry bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga döwlet tarapyndan uly möçberli serişdeleri goýbermäge mümkinçilik berýär. Dünýäniň çar tarapyndan myhmanlaryň müňlerçesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe pajarlap ösýän Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzy görmäge gelýärler, halkymyzyň milli gymmatlyklary bilen gyzyklanýarlar. Myhmanlardyr syýahatçylar türkmen topragynyň taryhy ýadygärlikleri, täsin künjekleri bilen hem içgin tanyşýarlar.

Birnäçe ilatly obalary we sebitiň belli syýahatçylyk künjeklerini baglaşdyrýan ulag ýollarynyň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi, ilkinji nobatda, pyýada gezelenç etmegi söýýän syýahatçylar üçin zerurdyr. Şeýle hem ýol ugurlarynda olaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Geljekde ýurduň sebitlerinde şypahana we syýahatçylyk pudagy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolar. Syýahatçylygy ösdürmegiň aýratynlygy ykdysadyýetiň özara baglanyşykly ulgamlarynyň birnäçesiniň, ýagny bank, ätiýaçlandyryş, kommunikasiýa we maglumat böleginiň, ykdysady, hukuk we buhgalterçilik hyzmatynyň, menejmentiň we marketingiň, ulag, bilim we saglygy goraýşyň, medeniýetiň we sungatyň, dynç alyş ulgamynyň, iýmit we söwda ulgamynyň, beýleki dürli görnüşdäki hyzmatlaryň ösmeginde ýüze çykýan multiplikasion netijäniň bolmagyndan ybaratdyr.
Dürs meýilleşdirilen we netijeli guralan syýahatçylyk häzirki döwürde iň bir giňden talap edilýän ulgamlaryň biri bolup durýar. Şunlukda, her bir sebitiň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, sarp edijilere ähli zerur bolan hyzmatlary ýerinde hödürlemek we baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak boýunça degişli düzümiň kemala gelmegi zerur bolup durýar.