Türkmenistanda atly syýahatçylygy ösdürmegiň mümkinçilikleri
Türkmen halky özüniň ussatlyk derejesine ýetiren atçylyk hünäri we naýbaşy owadan atlary bilen dünýä bellidir. Daşary ýurtly barly adamlaryň iň bolmanda ýekeje bolsa-da owadan türkmen bedewini edinmek arzuwynyň bolmagy şondan bolsa gerek. Olaryň türkmen atlary bilen, esasan-da, ahalteke atlary bilen aşa gyzyklanmasy bar. Bu sebäpden hem «Türkmeniň ganaty» atlandyrylýan türkmen atlarynyň syýahatçylyk ulgamynda ulanylma ähmiýeti hem uludyr.
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli we döredijilikli döwlet syýasaty halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady, durmuş we medeni kuwwatyny pugtalandyrmaga, mukaddes Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmaga gönükdirilendir. Milli Liderimiziň döredijilikli döwlet syýasaty öz gözbaşyny ata-babalarymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan asylly däp-dessurlaryndan alyp, adamzat siwilizasiýasynyň özboluşly gymmatlyklary hökmünde ykrar edilýän milli mirasymyzy dünýä ýaýmak arkaly, türkmen halkynyň şöhratly taryhy ýolunyň dowamy bolup durýar.
Halkymyzyň gadymy taryhy bilen berk baglanyşykly, şöhratly ýolunyň syrdaşy bolan “behişdi bedewlerimiz” her bir türkmenistanlynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolup, ol türkmen halkynyň, şeýle hem ähli halklaryň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň biri hökmünde ykrar edilýär. Ata-babalarymyza mukaddes tebigatymyzyň peşgeş beren bu ajaýyp gymmatlygy döwlet Garaşsyzlygymyzyň mizemez nyşanlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň kiçi tegeleginiň içinde şekillendirilmeginde çuňňur many bardyr.
Ata bolan sarpa her bir türkmeniň ýüreginde berk orun alyp, atçylygyň we atly sportuň döwlet derejesinde ösdürilmegi bolsa halkymyz tarapyndan gyzgyn goldanylýar. Türkmenistanda ägirt uly Halkara atçylyk sporty toplumynyň açylmagy, Ahal welaýatynda 7000 tomaşaçy orunlyk we 400 atlyk athanasy bolan aýlaw, şeýle hem Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hersinde 3000 tomaşaçy orunlyk we 200 atlyk athanasy bolan aýlawlar gurlup ulanmaga berilmegi hem atçylyk pudagyna we sportuna berilýän döwlet goldawynyň subutnamasy bolup çykyş edýär.
Şunuň bilen birlikde, atçylygyň syýahatçylygy, hususan-da, halkara syýahatçylygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedigini belläp geçmek möhümdir. Ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek bilen baglanyşykly, atly syýahatçylygy ösdürmegiň möhümligi ykrar edilip, ýurdumyzyň welaýatlarynda atly syýahatlary guramak bilen baglanyşykly çäreler guralýar. Şu ýerde, syýahatçylyk pudagynyň ykdysadyýetiň aýrylmaz pudagy bolmagy bilen çäklenmän, eýsem onuň çalt ösmegine hem uly itergi berýän pudagydyny bellemek mümkindir.
Häzirki wagtda, Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň biri bolan “Owadan syýahat” tarapyndan atly gezelençleriň daşary ýurtly syýahatçylar üçin guralýandygyny belläp bileris.
Atly syýahatçylyk - “Syýahatçylyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda “işjeň syýahatçylgyň” bir görnüşidir. Atly syýahatçylyk adama dynç almaga, göwnüaçyk bolmaga we adamyň bedeniniň berkemegine oňyn täsir edýär. Atly syýahatçylygyň esasy aýratynlyklary bolup, onuň “adam aýagy basmadyk” hasaplanýan ýerlere syýahat etmegini aňsatlaşdyrmagy çykyş edýär. Hakykat ýüzünde, ulag bilen syýahat etmek amatly bolup durýar, emma, tebigat bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik bermeýär. At üstünde gurnalýan gezelençler bolsa tebigat bilen has ýakyndan tanyşmaga, barmasy kyn bolan ýerlere gezelenç etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň bilen birlikde, at üstündäki gezelenjiň adamyň jan-saglygyna hem oňyn täsir edýändigini lukmanlar doly kabul edýärler.
Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy umumymilli baýramçylyk hökmünde bellenip geçilýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda bu mynasybetli geçirilýän ýokary derejedäki çärelere, saýlama bedewleriň çapyşyklaryna daşary ýurtly syýahatçylaryň ýüzlerçesi gatnaşýar.