«Bitaraplyk – bagtyýar halkymyzyň buýsanjy»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy Aşgabat şäheriniň 133-nji orta mekdebinde Halkara Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli «Bitaraplyk – bagtyýar halkymyzyň buýsanjy» ady bilen wagyz – nesihat çäresini geçirdi.
Çärede çykyş edenler bagtyýarlyga beslenýän zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler buýsanjyňa buýsanç goşup, köňül guşuňa ganat baglaýandygy, ýurdumyzyň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynyň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» şygary bilen dabaralandyrylmagy döwletimiziň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýän oňyn Bitaraplyk ýörelgesiniň dünýä derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir diýip belläp geçdiler. Şeýle-de okuwçylar Bitaraplygymyzy, Watanymyzy wasp edýän goşgulary ýerine ýetirdiler we halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda irginsiz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.