«Bitaraplyk-bagta binýat»


«Bitaraplyk-bagta binýat»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy Aşgabat şäherindäki 17-nji orta mekdepde Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk-bagta binýat» ady bilen edebi-sazly agşamy geçirdi.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli ägirt uly tutumlary barada täsirli gürrüňleri etdiler. Mekdebiň okuwçylary bolsa döwrüň ösen talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli bolmagy üçin giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyza özleriniň buýsançly sözlerini aýtmak bilen Hemişelik Bitaraplygymyzy, Garaşsyz, asuda, parahat ýurdumyzy wasp edýän goşgulardyr aýdymlary ýerine ýetirdiler.