Wagyz-nesihat çäresi
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gunamagynda Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» atly kitabyndan wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly täze kitabynyň 2020-nji ýylyň, ýagny «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ady bilen baglanyşdyryp ýazylmagynyň şanly senämiziň ebedileşdirilmeginiň alamatydygy we bu kitapda Gahryman Arkadagymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetini giňişleýin açyp görkezýändigi, köpsanly atalar sözleri, rowaýatlar, aýtgylar halk döredijiligimiziň ajaýyp nusgalary bolan goşgulardan parçalar bu eseriň täsirliligini has-da güýçlendirýändigi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy ähmiýeti, milli Liderimiziň çuňňur oýlanşykly içeri we daşary syýasaty, türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan şu günlere gelip ýeten agzybirlik, dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri çuňňur beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler.
Dabaranyň soňunda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp kitaplarynyň köp bolmagyny arzuw etdiler.