Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ady bilen täze eseriniň elimize gelip gowuşmagy mynasybetli tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Dabaranyň dowamynda kitaphananyň hünärmenleri bu kitabyň many-mazmuny, bölümleriniň aýratynlygy barada bilesigeliji okyjylara giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara kitabyň käbir bölümlerini okap berdiler.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler mähriban Arkadagymyzyň bu ajaýyp kitabynyň çuňňur many-mazmunyny açyp görkezýän çykyşlar etdiler. Täze kitabyň sahypalarynda Diýarymyzyň iň täze taryhynyň möhüm wakalarynyň beýan edilýändigini hem-de onuň Bitaraplyk derejesinde ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýändigini nygtadylar.
Milli Liderimiziň täze eserinde Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ýurdumyzyň durmuş ugurly ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekdäki ähmiýeti beýan edilýär.
Halkymyza ajaýyp kitaby sowgat eden mähriban Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplarynyň köp bolmagyny arzuw edýäris.