«Parahatlyk – görki dünýäň, paýhasynda Garaşsyzlyk»


«Parahatlyk – görki dünýäň, paýhasynda Garaşsyzlyk»



Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzünde pugta parahatçylygy dörediji döwletdigini anyk äşgär etdi. 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň 30-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Milli Liderimiziň 2021-nji ýylyň şygaryny «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýip yglan etmegi mynasybetli Döwlet kitaphanasynda «Parahatlyk – görki dünýäň, paýhasynda Garaşsyzlyk» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli içeri we daşary syýasatlarynyň we maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimizde ýetilen uly üstünlikler, halkara derejesinde ýurt abraýynyň artýandygy barada, mähriban halkymyzyň bolsa bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy we agzybirlik bilen çekilýän zähmetiň derejeleri dogrusynda çykyş edenler söhbetlerinde giňden durup geçdiler. Ýazyjy-şahyrlar öz söhbetleriniň soňuny mähriban Arkadagymyzy, diýarymyzy, agzybirligimizi, asudalygymyzy, dost-doganlygymyzy wasp edýän goşgulary bilen jemlediler. Dabara gatnaşanlar parahatçylyk, dost-doganlyk ýoly bilen ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.