Parahatçylygyň daragty
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde öz okyjylary bilen parahatçylygyň, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň gadyr-gymmaty barada giňişleýin wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly daşary we içeri syýasatlary ýaş nesilleriň watansöýüjilikli ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly mekdepdir.
Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda kitaphananyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza kitaphanamyz bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak maksady bilen internet saýdymyza gaýybana syýahat etmegi maslahat berdiler. Internet sahypasynda ýerleşdirilen maglumatlar, täzelikler, fotosuratlar şeýle-de elektron kitaplar bilen çagalary ýakyndan tanyşdyrdylar. Kitap söýüji okyjylarymyz hem täze 2021-nji ýagny, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzy şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň bitirýän beýik işlerini wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Kitaphanamyza gelip okan ertekileriniň birnäçesini birek-birege gürrüň berdiler. Hünärmenlerimiz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda çagalar ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge, kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga şeýle-de dynç alyş möwsümlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çaga ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.