Şanly ýylymyzyň şanyna


Şanly ýylymyzyň şanyna



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň, Gypjak, Herrikgala medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurduň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli ulgamlarda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri, parahatçylyk söýüji döwlet hökmünde dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek barada Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň umumadamzat ähmiýetini giňden ýaýmak, parahatçylyk we ynanyşmak döwletiň iň uly baýlygy bolup, halklaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde esasy ugur bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çärede Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň Medeniýet merkeziniň eýwanynda gurnalan Hormatly Pezidentimiziň kitaplarynyň, amaly haşam sungatynyň we surat eserleriniň sergisi çärä aýratyn öwüşgün çaýdy.