«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin etrabynyň medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli wagyz-nesihat geçirildi.
Çärede çykyş edenler türkmen halkymyzyň hoşniýetlilik, dost-doganlyk, bir-birege hemaýat etmek, arkalaşmak, parahatsöýüjilikli, ynanyşmagynyň ýurt parahatçylygynda, içeri we daşary hem-de «Açyk gapylar» syýasatynda, döwletleriň arasynda diňe parahatçylygynyň, özara ynanyşmagyň ählumumy howpsuzlygyň taraptary bolup çykyş edýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Bitaraplyk huhuk ýagdaýyna eýerip, ýer ýüzünde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýändigi, Türkmenistan üçin parahatçylyk we ynanyşmak döwletiň iň uly baýlygy bolup, halklaryň abadan durmuşyny üpjün etmekde esasy ugur bolup durýandygyny barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Şeýle-de çäräniň dowamynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli kitap sergisi we 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylarynyň surat sergisi gurnaldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.