«Gahryman Arkadagymyzyň ylmy hem-de edebi çeper eserlerinde Watançylyk temasy»
2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ähli welaýat kitaphanalary hem-de Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäheriniň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde «Gahryman Arkadagymyzyň ylmy hem-de edebi çeper eserlerinde Watançylyk temasy» atly wideoaragatnaşyk arkaly söhbetdeşlik geçirildi. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilen bu söhbetdeşlikde Hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren gymmatly eserlerinde Watana bolan söýgi, dost-doganlygy, agzybirligi ündeýän temalar hakynda giňişleýin söhbet edildi. Şeýle-de söhbetdeşligiň dowamynda kitaplar we kitaplar hakyndaky maglumatlary elektron ulgama ýüklemek işi dogrusynda söhbet edildi. Munuň özi kitaphanalarda alnyp barylýan döwrebap täze iş usullaryna kömek bolar.
Söhbetdeşlige gatnaşan kitaphana işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mähriban Watanymyzyň dünýä giňişliginde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan oňyn Bitaraplygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň, özara ynanyşmagyň we agzybirligiň dabaralanýan mekany hökmünde tanalýandygy hakyndada dowamly gürrüň etdiler. Garaşsyz, Baky Bitarap döwletimizde ýetilen uly üstünlikler, şeýle-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli kitaphanalarda ediljek işler dogrusynda, halkara derejesinde ýurdumyzyň abraýynyň artýandygy, mähriban halkymyzyň bolsa bagtyýar durmuşda ýaşap, agzybirlik bilen çekilýän zähmetiň derejeleriniň ýokarlanmagy dogrusynda özara giňişleýin söhbet etdiler.
Wideoaragatnaşyk arkaly online söhbetdeşlige gatnaşanlar parahatçylyk, dost-doganlyk, ynanyşmak ýoly bilen ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda «Hormatly Prezidentimiziň kitaplary- watansöýüjiligiň belent nusgasy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy.