«Watan mukaddesligi»


«Watan mukaddesligi»



Ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okyjylary bilen «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Watan mukaddesligi» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyga gatnaşan höwesjeň okyjylarymyz Watanymyzyň mukaddesligini wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler hem-de bu mekdebiň okuwçylarynyň çeken suratlarynyň sergisi görkezildi.
Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.