«Parahatçylygyň waspçysy»
Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda Hindi şahyry, dramaturg, romançy Rabindranat Tagoryň doglan gününiň 160 ýyllygyna bagyşlap «Parahatçylygyň waspçysy» atly söhbetdeşlik geçirdi.
Kitaphanamyzyň hünärmeni söhbetdeşligiň dowamynda hindi şahyry R. Tagoryň edebi mirasynyň örän uly hem çuň many mazmunlydygy barada mekdebiň ýokary synp okuwçylaryna giňişleýin gürrüň berdi. Olar hem öz gezeginde hindi şahyry R. Tagoryň ýazan eserlerinden gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.