«Gündogaryň meşhur şahsyýeti»
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bellenilen meýilnama esasynda Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýerleşýän 29-njy orta mekdebinde Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 580 ýyllygyna bagyşlap «Gündogaryň meşhur şahsyýeti» atly söhbetdeşligi gurady. Bu söhbetdeşlikde A. Nowaýynyň ýazan birnäçe eserleri barada mekdep okuwçylaryna gyzykly gürrüňler berildi. Aýratynam kitaphana hünärmenlerimiz halkymyzyň Myrala bagyşlap döreden rowaýatlary, bagşylaryň onuň hormatyna «Nowaýy» perdesini hem-de «Myraly we Soltansöýün» dessanyny kämil derejä ýetirmegi, gündogar şahyrynyň gazallary barada aýdyp berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.