«Parahatçylyk, ynanyşmak - dünýäň bagty, Arkadag»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat şäherindäki 90-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde «Parahatçylyk, ynanyşmak – dünýäň bagty, Arkadag» ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30- ýyllygyny has-da şöhratlandyrmak, halkymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesilleri uly buýsanç, söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada gürrüň berdiler. Şeýle-de «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti barada beren täsirli söhbetleri, Watanymyz, Gahryman Arkadagymyz, Mukaddes Garaşsyzlygymyz hakyndaky joşgunly şygyrlary çäre gatnaşyjylara ýatdan çykmajak duýgyny bagyşlady. Mekdep okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bolsa olara ruhy lezzet paýlady. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.