«Zehinli çagalar»


«Zehinli çagalar»



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde kitaphananyň okyjylarynyň arasynda «Zehinli çagalar» atly bäsleşik geçirdi. Çagalar bäsleşigiň dowamynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça bäş sany şert esasynda özara bäsleşdiler. Ýeňiji bolanlara kitaphananyň Kärdeşler Arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan ýörite höweslendiriji sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň dowamynda türkmen halk ertekileri esasynda gurnalan kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Bäsleşigiň ahyrynda ýaş nesilleriň zehinini has-da artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.