«Ýylyň - göreldeli okyjysy»
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Merkezi we kitaphana şahamçalarynyň dürli ýaşly okyjylaryň gatnaşmagynda «Ýylyň - göreldeli okyjysy» atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşik üç bölümden ybarat bolup, onuň esasy maksady: kitaphana gelýän okyjylary kitaba we okamaklyga höweslendirmek şeýle-de, Watana, hormatly Prezidentimize söýgüni artdyrmak, mukaddes ojak bolan kitaphanalaryň okyjylarynyň artmagyny gazanmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşikde çykyş eden merkezi we kitaphana şahamçalarynyň okyjylary öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň gelen netijeleri boýunça «Ýylyň göreldeli okyjysy» adyna hem-de birinji, ikinji, üçünji orna mynasyp bolan okyjylar Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary hem-de hormat hatlary bilen sylaglandylar.