Wagyz-nesihat edildi
Türkmenistanyň medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygyň Geňeşiniň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Ilkinji zenanlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň bilelikde guramaklarynda, «Edebim — mertebäm» diýen at bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan hormaty, döredip berýän giň mümkinçilikleri barada, şeýle-de zenan mertebesi, asyllylygy, ojagyna wepalylygy, perzentlerine mähremligi barada täsirli gürrüňler etdiler. Ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça gazanylýan beýik ösüşlere zenanlaryň işjeň gatnaşmagy, nesil terbiýesinde, maşgala abadançylygynda zenanlaryň tutýan ornunyň ýokarydygy barada aýratyn durlup geçildi.
Zenan mertebesini ähli zatdan belent tutýan, gelin-gyzlaryň okamagy, bilim almagy, hünär saýlamagy, dürli ugurlar boýunça zähmet çekip, ýurdumyzyň beýik ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.