«Zeminiň bezegi - mährem eneler!»
Türkmenistany Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Zeminiň bezegi - mährem eneler!» ady bilen Halkara 8-nji mart baýramy mynasybetli baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň işgärleri, kitaphana işgärleri şeýle hem okyjylar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň biziň enelerimiz, käbelerimiz, gelin-gyzlarymyz üçin edýän döwlet derejesindäki aladalary hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen dabara gatnaşan gelin-gyzlarymyzy, kärdeşlerimizi we okyjylarymyzy bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli gyzgyn gutladylar.
Hemmämiziň bilişimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan «Zenan kalby» ordeniniň döredilmegi, şeýle-de köp çagaly enelere «Ene mähri» atly hormatly atlaryň dakylmagy, olar üçin dürli ýeňillikleriň döredilmegi hem biziň gelin-gyzlarymyza, enelermize goýulýan uly hormat-sarpanyň subutnamasydyr. Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşýan gelin-gyzlarymyza Hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk sowgady gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar biziň üçin edýän atalyk aladasy üçin Gahryman we mähriban Arkadagymyza jan saglyk,uzak ömür, il-ýurt bähbitli işlerinde bolsa uly rowaçlyklar arzuw etdiler. Dabaranyň çäginde «Zeminiň zynaty, älemiň görki» ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.