Ak şäherim Aşgabat!
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň 140-ýyllygynyň bellenilmegi mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat!» ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Çärede hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherimizi ösdürmekde alyp barýan bimöçber işleri barada, hem-de gözel paýtagtymyzyň ajaýyp binalarymyzyň, gujagy gül-gülälege beslenen seýilgählerimiziň, suw çüwdürümlerimiziň, giň ýollarymyzyň, gijeleri gündiz ýaly ýagty ak şäherimiziň owadanlygy, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan kemal tapan gözel paýtagtymyz täsin binägärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalarynyň birnäçesiniň Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigi barada giňişleýin gürrüň berildi. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimiziň ak şäherimiz Aşgabady mundan beýläkde ösdürmekde alyp barýan işlerinde uly rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.