Bedew batly ösüşlere beslenýän Watan


Bedew batly ösüşlere beslenýän Watan



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Täze zaman ýaşaýyş jaý toplumynyň Medeniýet merkezinde «Bedew batly ösüşlere beslenýän Watan» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda ýazyjy–şahyrlarymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen milli medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň, sungatymyzyň has-da pajarlap ösmeginde, diýarymyzda ýaş nesillerimizi ata–babalarymyzyň ajaýyp däp–dessurlary esasynda asylly terbiýelemäge, ýokary aň–düşünjeli, watansöýüji, belent adamkärçilikli, ruhubelent hem işeňňir edip ýetişdirmekde uly işler edilýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler. Duşuşygyň dowamynda ýazyjy–şahyrlarymyz özleriniň Gahryman Arkadagymyzy, Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy, Ak şäherimiz Aşgabadyň 140 ýyllygyny wasp edip ýazan ajaýyp goşgularyny okap berdiler we çärä gatnaşanlar bilen sorag – jogap alyşdylar. Bu bolsa oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çärä gatnaşyjylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi täze belentliklere çykarmaga, okamaga, döretmäge, zähmet çekmäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.