«Parahatçylyk, ynanyşmak — dünýäň bagty, Arkadag!»


«Parahatçylyk, ynanyşmak — dünýäň bagty, Arkadag!»



Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýetine ýokary baha berýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär» diýip belleýär.
Otuz ýyl taryh üçin gysga döwür hem bolsa, bu döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy, Türkmenistan döwletimiziň dünýä derejesinde at-abraýy has-da belende göterildi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda durmuş-ykdysady ulgamda we baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda hem-de içerki mümkinçiliklerini daşary syýasat bilen utgaşdyryp ösdürmekde belent sepgitlere ýetildi. Elbetde, bularyň ählisiniň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň tutumly başlangyçlary we taýsyz tagallalary durandyr.
Biz — kitaphanaçylar hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, halkymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli ata Watanymyza uly buýsanç, söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen birnäçe işleri durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, belent ösüşleri wagyz etmek, hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary okyjylar köpçüligine ýetirmek işlerini yzygiderli alyp barýarys, kitap sergileridir sesli we çeper okaýyşlary, döredijilik duşuşyklaryny guraýarys hem-de dürli söhbetdeşlikleri geçirýäris. Şu maksatlar göz öňünde tutulyp, ýakynda paýtagtymyzyň 90-njy orta mekdebinde «Parahatçylyk, ynanyşmak — dünýäň bagty, Arkadag!» ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti barada beren täsirli söhbetleri, ata Watanymyz, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty, şanly Garaşsyzlygymyz hakyndaky okap beren joşgunly şygyrlary oňa gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary oýardy. Mekdep okuwçylarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bolsa ruhy lezzet paýlady.

Kümüş DURDYÝEWA