“Beýik Ýeňşiň baýramy” atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli “Beýik Ýeňşiň baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza Watan mukaddesligi, ata Watan, ene toprak üçin mertlerçe söweşen gerçekleriň şeýle-de tylda zähmet gahrymançylygyny görkezen edermenleriň bitiren beýik işleri barada täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň Watan gerçeklerine goýýan belent hormat-sarpasy barada ýaşajyk okyjylarymyza aýdyp berdiler. Kitapsöýüji okyjylarymyz hem Beýik Ýeňşi, Watan mukaddesligini wasp edýän goşgulary uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watan üçin janyny aýaman söweşen gerçeklerimizi hormatlaýan, sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.