“Ak şäherim Aşgabat” kitabynyň tanyşdyryş dabarasy
Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy maý aýynyň 11-ne Aşgabat şäheriniň 29-njy orta mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyny ýaş nesilleriň arasynda tanyşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabynda beýan edilýän gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza Hormatly Prezidentimiziň ak şäherimizi dünýäniň iň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda ýadawsyz işleriniň netijesinde gözel şäherimiz Aşgabadyň ak mermere beslenip, Aziýanyň merjen şäherine öwrülendigi barada gyzykly maglumatlary aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary ýazyp, halkymyza pegeş berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.