“Döwrüň hukuk binýady we Döwlet baýdagy”


“Döwrüň hukuk binýady we Döwlet baýdagy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy we 29-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Döwrüň hukuk binýady we Döwlet baýdagy” ady bilen edebi-sazly agşam geçirldi. Çärede çykyş edenler Baş Kanunymyzyň we milli buýsanjymyz bolan ýaşyl tugymuzyň şanyna goşa baýramçylygyň bellenilmegi türkmen ýaşlarynda Döwlet nyşanlaryna bolan söýgüni has-da artdyrýandygy, agzybirligiň, milletleriň jebisliginiň we watansöýüjiligiň beýik nusgasydygy dogrusynda buýsançly çykyş etdiler. Çärede Watanymyzy, Ak şäherimiz Aşgabady, Döwlet Baýdagymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr-goşgulary ýerine ýetirdiler.