Hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Büzmeýin etrap Medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda Bagyr Medeniýet öýinde hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärede Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş eden “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynda ajaýyp gözelligi, binalary bilen göreni haýrana goýýan merjen şäherimiziň bu gün belent waspa mynasypdygy, şonuň üçin hem Ak şäherimiz Aşgabat döredijilik işgärlerine ylham, kalplaryna buýsanç paýlaýandygy, şeýle buýsançly kalplara bagyş edýän gözel şäherimiz hakyndaky täze kitabyň elimize gelip gowuşmagy her birimizi diýseň begendirendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden kemal tapan merjen paýtagtymyzyň 140 – ýyllyk şöhratly taryhyny täze “Ak şäherimiz Aşgabat”atly kitabynda çuňňur many-mazmun bilen beýan edilendigi, bagtyýar türkmen halky eşretli zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eseriniň ýaşlary terbiýelemekde, olara döwrebap bilim bermekde gymmatly gollanma hasaplaýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler hem-de Büzmeýin etrap Medeniýet öýleriniň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdymlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň öňýanynda türkmenistanlylara şeýle ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin hormatly Pezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirip, mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.