Dargyň sesi-ajaýyp mukam


Dargyň sesi-ajaýyp mukam



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Dargyň sesi-ajaýyp mukam” atly edebi-duşuşyk dabarasy geçirildi. Dabarada Aşgabadyň çeper haly kärhanasyndan Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulnabat Durdyýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň ylmy işgäri Aýjeren Ýaýlymowa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeşijisi, sahna ussady Jahan Täçgeldiýewa we Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy Gülnabat Bäşimowa.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen “Tükmenistan-Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda naýbaşy seneleriň ikisiniň- mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna gabat gelmegi tötänden däldigi barada, bu gysga bolmadyk döwürde jebis halkyň arzuwynyň hasyl bolup, Magtymguly Pyragy aýtmyşlaýyn, bir suprada başynyň jem bolmagynyň nyşanydygyny belläp geçdiler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmeniň haly sungaty ýokary derejede ösýändigi, türkmen tebigatynyň müňbir öwüşgini siňen, her çitimi ýazyň ýagşyna meňzeş ajaýyp halylary döredýän gelin-gyzlara, suratkeşlere goýulýan sarpa guwandyrýan-dygyny hem belläp geçdiler.
Dabaranyň çäklerinde “Türkmen halysy-asyrlaryň owazy” atly kitap sergisi guraldy. Sergide hormatly Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplary hem-de türkmen medeniýetine we sungatyna degşli kitaplar sergilendi.