“ Arkadagyň ajap paýhasy bilen,Öňe barýar, toý-baýramly Aşgabat„


“ Arkadagyň ajap paýhasy bilen,Öňe barýar, toý-baýramly Aşgabat„



Hemmämiziň bilşimiz ýaly, “Türkmenistan–parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmegine 140-ýyl dolýar. Şu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, medeniýet we sungat ojaklarynda baýramçylyk dabaralary, döredijilik, duşuşyk agşamlary geçirilýär, dürli sergiler guralýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hem eziz Watanymyzyň paýtagty gözel Aşgabadyň döredilmeginiň 140-ýyllygyna bagyşlanyp “Arkadagyň ajap paýhasy bilen, Öňe barýar, toý-baýramly Aşgabat„ ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi we “Aşgabadym, ak nurana paýtagtym” ady bilen giňişleýin kitap sergisi gurnaldy.
Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Aşgabat şäherimiziň binägärlik gurluşy has-da özgerýär. Merkezi Aziýanyň merjenine, parahatçylygyň merkezine öwrülen ak şäherimiz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde gurlup ulanylmaga berilýän her bir ymarat, her bir bina özboluşly gözellik çaýýar diýip dabara gatnaşyjylar öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Dabaranyň soňunda hormatly Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
19.05.2021ý.