Kitapsyz öý – Otsuz ojak ýalydyr


Kitapsyz öý – Otsuz ojak ýalydyr



Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe mähriban ýaşlarymyzyň ylym-bilimlerini, gözýetimini giňeltmek, hem-de köp okyjylary özüne çekmek maksady bilen, biziň Döwlet Kitaphanamyzda ýylyň ýylyna “Kitapsyz öý – Otsuz ojak ýalydyr” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik ýokary okuw jaýlarynyň hem-de orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirildi. Şol bäsleşigiň soňky tapgyry 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda başlanyp, 2021-nji ýylyň maý aýynyň ahyrlarynda jemlenildi. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 1-nji orna M.Garryýew ad.Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Orazgeldiýew Öweznepes, 2-nji orna Magtymguly ad.Türkmen Döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Muhammetnazarow Yhlas, 3-nji orna M.Garryýew ad.Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Begenjow Baýram eýe boldular.
Orta mekdepleriniň arasynda bolsa 1-nji orna Ahal wel Akbugdaý etr 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Annameredow Didar, 2-nji orna şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Patşagulyýew Kuwwat, 3-nji orna Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Begniýazowa Täjijahan Mynasyp boldular.
Döredilýän mümkinçiliklere talyplardyr okuwçylar öz gezeginde Mähriban arkadagymyza öz alkyş sözlerini beýan etdiler.
Hormatly Arkadagymyzyň jany sag bolsun il ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.