Zenanlaryň hoşallyk maslahaty


Zenanlaryň hoşallyk maslahaty



Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň kitaphanaçy zenanlary Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Hormatly Prezidentimiziň mähriban Käbesi Ogulabat ejäniň öz eli bilen bejeren kürtesiniň hem-de ören gülli jorabynyň türkmeniň ajaýyp el-işlerine mahsus görnüşde inçelik, nepislik bilen taýýarlanandygy şeýle-de bu ajaýyp el hünäriniň çeper elli türkmen zenanlarymyza görelde mekdebi bolup hyzmat edýändigi barada geçirilen hoşallyk maslahata gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Ogulabat ejäniň ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandygy, onda türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, maşgala ojagyna wepalylyk, çeper ellilik ýaly ajaýyp häsiýetleriň jemlenendigi barada uly buýsanç bilen aýtdylar. Çykyş edenleriň ählisi türkmeniň söwer ogly Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejä nesil terbiýelemekde, zenan mertebesini, öý-ojagyň mukaddesligini gorap saklamakda ähli gyz-gelinlerimize nusgalyk göreldesi üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar.
Dabaranyň ahyrynda mähriban enelerimizi hormatlaýan, sarpalaýan şeýle-de olaryň döreden el hünärini dünýä ýaýmakda uly işleri alyp barýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.