“Aşgabat gözelligiň şäheri” atly döredijilik duşuşygy.


“Aşgabat gözelligiň şäheri” atly döredijilik duşuşygy.



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda paýtagtymyzyň gözel seýilgähleriniň birinde, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli “Aşgabat gözelligiň şäheri” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri okyjylarymyz bilen gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Hormatly Prezidentimiziň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaby şeýle-de paýtagtymyzyň gözelligini wasp edýän dürli kitaplar ýerleşdirildi.
Duşuşygyň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.