“Mähir siňen sungat ” atly döredijilik duşuşygy.


“Mähir siňen sungat ” atly döredijilik duşuşygy.



Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebinde her ýylyň maý aýynda ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň milli baýramy mynasybetli öz okyjylary bilen “Mähir siňen sungat ” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyz bilen türkmen gyz-gelinleriniň on barmagynyň hünäri bolan nepis halylary, olaryň reňk aýratynlygy, gölleriniň taryhy barada täsirli gürrüňler etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň öz eli bilen bejeren kürtesiniň we ören jorabynyň nepisligi, inçeligi, şol döwre mahsus görnüşde bejerilendigi we bu el hünäriniň türkmen gyz-gelinlerine görelde mekdebi bolup durýandygy barada körpeje gyzjagazlara öwüt-ündew berdiler. Kitap söýüji okyjylarymyz hem türkmeniň nesip halylaryny, milli mirasyny wasp edýän goşgulary uly höwes bilen labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” , “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym” atly ajaýyp kitaplary hem-de türkmeniň halysyny, ajaýyp el hünärini wasp edýän dürli neşirler ýerleşdirildi.
Duşuşygyň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.