“Aşgabat - bagtyýarlyk döwrüniň paýtagty”


“Aşgabat - bagtyýarlyk döwrüniň paýtagty”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy paýtagtymyzyň gözel seýilgähleriniň birinde “Aşgabat - bagtyýarlyk döwrüniň paýtagty” ady bilen wagyz – nesihat çäresini geçirdi hem-de göçme kitap sergisini gurnady.
Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş eden “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň döredijilik işgärlerine ylham, kalplaryna buýsanç paýlaýandygy, şeýle buýsançly kalplara bagyş edýän gözel şäherimiz hakyndaky täze kitabynyň elimize gelip gowuşmagy her birimizi diýseň begendirendigi, Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseriniň ýaşlary terbiýelemekde, olara döwrebap bilim bermekde gymmatly gollanma hasaplanýandygy, şeýle-de gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüň berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary hem-de paýtagtymyzyň gözelligini wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Çäräniň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.