Türkmenistan – bagtly çagalaryň ýurdy
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy paýtagtymyzyň Aşgabat seýilgähinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Türkmenistan – bagtly çagalaryň ýurdy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalaryň erkana ösüp, ajaýyp çagalar baglarynda terbiýelenýändikleri, ak mekdeplerde okap bilim alýandyklary, tomus paslynda bolsa ýurdumyzyň gözel künjeklerinde gurlan ajaýyp binalarda dynç alyp, saglyklaryny berkidýändikleri barada şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleri döredip berýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu baýramçylyk mynasybetli gurnalan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki at-abraýyny, ýurdumyzyň ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlar şeýle-de dürli suratlar bilen bezelen çagalaryň söýüp okaýan ertekileri esasynda birnäçe kitaplar, şol sanda ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri ýerleşdirildi. Bu bolsa Aşgabat seýilgähindäki gezelenç edýän çagalarda has-da uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.