Türkmen tebigaty – ýaşaýşyň gözbaşy
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmen tebigaty-ýaşaýşyň gözbaşy” ady bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetiniň Botanika bagynda gürrüňdeşlik geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramakda, onuň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmakda, geljek nesillerimize miras goýmakda, watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly işleriň alnyp barylýanlygy we tebigaty söýmek, goramak, onuň baýlyklaryny gorap saklamak, Watana hyzmat etmek bilen deň hasap edilýänligi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli gurnalan kitap sergisinde ýerleşdirilen hormatly Prezidentimiziň eserleri hem-de gözel tebigatymyzy wasp edýän ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen tebigatynyň asyl görnüşini gorap saklamak, öwrenmek we baýlaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak ugrunda ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.