,,Tebigat biziň öýümizdir,,
Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitahanasynyň ýaňy-ýakynda Gökderedäki ,,Çeşme,, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ,,Tebigat biziň öýümizdir,, atly söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri bilesigeliji okaýjylarymyz bilen Türkmenistan döwletimiziň tebigaty haýwanat dúnýásiniň ajaýyplyklary barada gyzykly gürrüňler ediler. Gökderedäki ,,Çeşme,, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan kitap söýüji çagalar hem türkmen tebigatyny wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sòzleri beýan edildi.