“Arkadagyň parahatlyk aýdymy, Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty”
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanasy bilen Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Arkadagyň parahatlyk aýdymy, Türkmen medeniýeti, türkmen sungaty” ady bilen aýdym -sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. >
Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde medeniýet ulgamynyň günsaýyn ösýändigi, ýurdumyzda her ýylyň 22-27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilýänligi, ýagny her ýylda ýurdumyzyň bir welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi milli medeniýetimizi ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýe bolýandygy, eziz diýarymyzda medeniýet we sungat işgärleri baradaky aladalaryň geriminiň has-da artýandygy, çünki medeniýet ýurduň ruhy keşbini, gözelligini, özboluşlylygyny özünde jemleýänligi we halkymyzyň bagtyýarlyk döwrümize bolan söýgüsiniň waspyny ýetirýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň “Ýaşlyk” höwesjeň halk topary öz aýdym-sazlary bilen çykyş etdiler. Çärä gatnaşan döredijilik işgärleri öz ýürek buýsançalyryny goşgy setirleriniň üsti bilen beýan etdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.