Türkmen halk ertekilerine syýahat


Türkmen halk ertekilerine syýahat



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda tomus paslynyň ajaýyp günlerinde Gökderedäki “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Türkmen halk ertekilerine syýahat” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we gürrüň geçirildi.
Çärede çykyş edenler ýaşajyk okyjylara “Akpamyk”, “Üç çopan”, “Böwenjik”, “Şärikli ekin”, “Ýüz tylla”, we “Gorkana goşa görner” ýaly birnäçe türkmen halk ertekilerinden okap berdiler. Bu ertekileriň esasy maksady ondaky baş gahrymanlaryň edermenligi, şeýle-de çagalary terbiýelemekdäki uly orny barada täsirli, gyzykly gürrüňleri berdiler. Ertekileriň üsti bilen körpe okyjylaryň edepli hem-de ula hormat goýup kiçä sylagly bolmalydygy hem-de kitap okamagyň adam saglygyna peýdasy we kitap okamak arkaly gözýetimiň giňeýänligi barada durup geçdiler. Şeýle-de çagalar bilen ertekileriň gahrymanlary esasynda özara gyzykly sorag-jogap alyşdylar. Soňra Gökderedäki “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde türkmen halk ertekilerinden gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy.