Medeniýet – milletiň buýsanjy, halkyň kalbydyr


Medeniýet – milletiň buýsanjy, halkyň kalbydyr



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagyr Medeniýet öýünde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet – milletiň buýsanjy, halkyň kalbydyr” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýylyň iýun aýynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň dabaraly bellenilmegi, medeniýet we sungat ussatlarynyň hünär baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzda Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň döwrebap ösdürilmegi zerur şertleriň, mümkinçilikleriň döredilýändigini ähli aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Medeniýetiň we sungatyň dürli ugurlary boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi watandaşlarymyzyň döredijilik ylhamyny goşalandyryp, üstünliklere, zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýar. Bu baýramçylyk çäresinde kitaphana hünärmenleri-de hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan kemala gelen kitaplaryna syn berdiler hem-de medeniýete degişli kitaplaryny giňişleýin açyp görkezmek maksady bilen sergi gurnadylar. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary esasynda aýdymdyr çeper okaýyşlary ýerine ýetirdiler. Kitaphana hünärmenleriniň baýramçylyk mynasybetli eden çykyşlary çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmaga, gadymy ýadygärliklerimizi, halkymyzyň taryhy we medeni mirasymyzy düýpli öwrenmäge, milli gymmatlyklarymyzy ýüze çykarmaga, uly mümkinçilikleri döredip berýänligi üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.