Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy


Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy



Aşgabat şäher Medeniýet müdirligi bilen Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň bilelikde gurnamagynda Gökderede ýerleşýän “Altyn sümmül” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde çagalaryň tomusky dynç-alyş günlerini gyzykly we şadyýan geçirmek maksady bilen “Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy”ady bilen aýdym-sazly, wagyz nesihat çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe çagalaryň erkana ösüp, ak mekdeplerde okap bilim alýandyklary, tomus paslynda bolsa, ýurdumyzyň gözel künjeklerinde gurulan ajaýyp binalarda dynç alyp, saglyklaryny berkidýändikleri barada şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleri döredip berýändigi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Bu çärede gurnalan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki at-abraýyny görkezýän edebiýatlar şeýle-de, dürli suratlar bilen bezelen çagalaryň söýüp okaýan ertekileri esasynda birnäçe kitaplar ýerleşdirildi.
Çäräniň dowamynda aýdym-sazly çykyşlar hem ýerine ýetirildi. Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.