logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.



Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki  Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Ganatly bedewler» atly täze sahnalaşdyrylan sirk çykyşyny size hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň “Türkmen jigitleri” toparynyň, Hindistanyň şadyýan maýmynjyklarynyň, Mangoliýa döwletiniň “Baktrial” iki örküçli düýeleriniň, Germaniýanyň “Pudel” güjüjikleriniň, Hindistanyň “Tawus” guşunyň, Şatlandiýanyň “Poni” atlarynyň, masgarabazdyr akrobatlaryň, howa gimnastlarynyň, ekwelibristleriň we žanglýorlaryň, erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň we täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gelen myhmanlarymyz Aýazbaba bilen Garpamygyň  täsin özüne çekiji jadyly çykyşlaryny görüp bilersiňiz. Sirk çykyşlar 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň 20-den 2026-nji ýylyň 11-nji ýanwar aralygynda hepdäniň ähli günlerinde dowam eder.


Giriş petekleri “online” görnüşinde sirk.gov.tm resmi web  sahypasyndan alyp bilersiňiz.


Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45 / 36-10-95 / 36-10-34